Türkmenistanda Ylymlar güni geçiriler

 

10-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralýan halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Ylymlar güni mynasybetli guraljak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Ýaşyl ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy maslahatlarynyň guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.