Aşgabatda ITTC-2023 ulag sergisi açyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) sergisi açydy, ol ady bir halkara maslahatynyň çäklerinde geçirilýär.

 

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi we ugurdaş edaralar tarapyndan «Türkmen Forum» HJ-niň goldaw bermeginde gurnalan görkeziliş ulag pudagynda meşgullanýan ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň segsenden gowragyny bir meýdança ýygnady.

 

 

ITTC-2023 sergä we maslahatyna gatnaşyjalara ýüzlenmesinde Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň ýurdumyzyň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine, tutuş sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly binýadynyň döredilmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

 

 

Sergä gatnaşyjylar tejribe we pikir alyşmak üçin, şeýle hem ulag infrastrukturasynyň ösmegine ýardam etjek täze tehnologiýalary we önümleri hödürlemäge ajaýyp mümkinçilik aldylar.

 

 

Ýerli we daşary ýurt kompaniýalary ITTC-2023 forumynda täze hyzmatdaşlary we dürli taslamalarda hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleri tapyp bilerler. Şeýlelik bilen, sergi ulag infrastrukturasynyň ösmegine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjek möhüm wakadyr.