Türkmenistanda Azyk önümçiliginiň tehnologiýalarynyň halkara sergisine taýýarlyk görülýär
10-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew şu ýylyň 15-17-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak we gaýtadan işlemek bilen ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama serişdelerini, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler.
Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň we önümleriň tanyşdyryşlary guralar, şeýle hem tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara sergisiniň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.