Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 --- 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklandy
"Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 --- 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy" hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işläp düzülişini çaltlandyrmak, şeýle-de biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurtda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen kabul edildi.