Aşgabatda Geýdar Alyyewiň doglan gününiň 101 ýyllygy bellenildi

Milli lider Geýdar Alyyewiň doglan gününiň 101 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda çäre geçirildi, bu barada Turkmenportala azerbaýjan ilçiahanasynyň metbugat gulugy habar berdi.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gozalow we myhmanlar beýik lider Geýdar Alyyewiň Ilçihanadaky heýkeliniň öňünde gül desselerini goýdular.

Ilçi Gismet Gozalow çäräni açyp milli lideriň durmuşy we alyp baran işleri barada çykyş etdi. Ilçi häzirki Azerbaýjan döwletini gurmakda, ýurduň halkara dünýäsinde ykrar edilmeginde we tanalmagynda, ykdysadyýetiň dikeldilmeginde beýik lider Geýdar Alyyewiň tutup bolmajak orny barada myhmanlara giňişleýin maglumat berdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok çykyş etdi we türk telekeçisi Sefa Gömdeniz beýik lider bilen bagly ýatlamalaryny paýlaşyp, ömrüni halkyna pidakärlik bilen bagyş eden bu zehine hormat goýýandygyny aýtdy.

Şeýle hem bu geçirilen çärä Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar, jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.