Yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi, baýramçylyk feýerwerki: 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler
Türkmenistanda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.
10-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar.
Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.