Türkmenistanyň futbol çempionaty: 14-nji tapgyrda «Altyn Asyr» «Ahaly» kabul eder

Şu gün — 11-nji maýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň esasy duşuşygy «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasynda bolar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçiriljek duşuşyk 17:00-da başlanar.

Biz beýleki duşuşyklaryň geçiş tertibini hem okyjylarymyza hödürleýäris:

11.05.2024 ý. (şenbe)

 «Şagadam» – «Köpetdag»

Geçirilýän ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

 

«Merw» – «Energetik»

Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

 

 «Arkadag» – «Aşgabat»

Geçirilýän ýeri: «Arkadag» stadiony (Arkadag ş. )

Başlanýan wagty: 17:30