«Turkish Airlines» howa flotunyň gerimini giňeldýär
Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrligi «Turkish Airlines» kompaniýasy bilen Ýewropanyň uçar önümçiligi bilen meşgullanýan iri kompaniýalarynyň biri bolan «Airbus» kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylandygyny mälim etdi. Resminama laýyklykda, awiakompaniýa taryhynda iň uly sargydy berdi. Has takygy, «Turkish Airlines» täze uçarlaryň 230-syny satyn alar.
Täze alynjak uçarlaryň 150-si ýangyç tygşytlaýjylygy we ekologiýa zyýanly serişdeleri juda ujypsyz möçberde goýberýänligi bilen tapawutlanýan A321NEO uçarlary bolar.
Şeýle hem «Turkish Airlines» uzak ýollara syýahat üçin has rahat bolan A350 XWB uçarlarynyň 80 sanysyny satyn alar.
Awiakompaniýa A350 hereketlendirijileri üçin «Rolls-Royce» kompaniýasy bilen aýratyn şertnama baglaşdy. Şertnama görä,, «Rolls-Royce» awiakompaniýany dünýädäki iň döwrebap we ygtybarly hereketlendiriji bolan «Trent XWB» bilen üpjün eder we olar bilen bagly bejergi hyzmatlaryny berer.
«Turkish Airlines» häzirki wagtda 400-den gowrak ýolagçy, 24 sany ýük uçary bilen dünýäniň 133 döwletine uçuşlary amala aşyrýar.
Täze uçarlaryň ýene-de 355-sini satyn almak awiakompaniýanyň uçuş ugurlaryny ep-esli giňeltmäge, ýolagçy gatnawyny artdyrmaga we dünýä howa ulagy bazaryndaky ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.
Awiakompaniýanyň Aşgabada amala aşyrýan uçuşlarynyň tertibini öwrenmek üçin G.Kulyýew köçesiniň 39-njy jaýynda ýerleşýän «Ussat» binasyna baryp bilersiňiz.
Aragatnaşyk maglumatlary:
- e-poçta: customer.tm@thy.com;
- telefon: (+993 61) 01 44 33;
- web sahypa: turkishairlines.com.
Şeýle-de okaň: