Daşary ýurt ulag kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylýarlar

Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) sergisi dowam edýär, oňa 80-den gowrak edaralaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

 

 

Görkezilişiň gatnaşyjylarynyň abraýly düzümi halkara jemgyýetçiliginiň we iri kompaniýalaryň Türkmenistan bilen ulag babatynda hyzmatdaşlyk etmäge barha artýan gyzyklanmasyny görkezýär.

 

 

Sergide Türkmenistanyň bu ugurdan ulag edaralary – «Türkmendeňizýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», şeýle hem onlarça türkmen ulag firmalary görkezilendir.

 

 

Fly Dubai we Turkish Airlines ýaly belli daşary ýurt howa gatnadyjylary, demir ýol kärhanalary – «Российские железные дороги», «Казахстанские железные дороги» holdingleri, şeýle hem tehnikany we onuň düzüm bölekleriniň meşhur öndürijilerBoeing, CRRC Ziyang Co., Ltd., Toyota, Michelin, Hankook we beýlekiler foruma gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

 

 

Sergide görkezilen kompaniýalardan başga-da, görkezilişe ITTC-2023 maslahatynyň ýüzlerçe wekilleri baryp görýärler, ol maslahat günüň ikinji ýarymynda TSSP-da öz işine başlar. Foruma gatnaşyjylaryň biri - «Behine Tarabar Ažur» atly eýran ulag-logistika kompaniýasynyň geňeşiniň başlygy Mustapa Akdam sergide galan täsirleri bilen paýlaşdy.

 

 

Sergi ajaýyp gurnalypdyr. Biziň maslahatdan uly umydymyz bar, ol täze gatnaşyklary ýola goýmak we netijeli gepleşikler üçin juda oňaýly ýer bolar. Ilkinji nobatda biziň kompaniýamyz biziň ulag we üstaşyr mümkinçilklerimizi, şol sanda «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň çäklerinde ýerine ýetirmäge gyzyklanýar. Demir ýol arkaly ýük daşamalaryny ösdürmekde uly geljek bar. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna umyt edýärisdiýip, Akdam aýtdy.