Telegramda töleg ulgamy peýda bolar
Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.
“Öz Telegram sahypaňyzda habar ýazyp, gerek zatlaryňyzy sargyt etmegi göz öňüňize getirip görüň. Munuň üçin biz bu gün botlar arkaly töleg etmek hyzmatyny hödürleýäris. Bu hyzmat botlara öz ulanyjylarynyň töleglerini kabul etmäge mümkinçilik berer” – diýlip, Durowyň habarynda bellenilýär.
Dürli söwda ulgamlarynyň, media platformalaryň öz botlary bar, Telegramda bu botlar söhbetdeş hökmünde çykyş edýär. Olar ulanyjylara dürli amallary amala aşyrmaga, şol sanda bonus kartlaryny hasaba goýmaga, harytlar baradaky maglumatlary anyklamaga ýa-da gysga buýruklary girizmek arkaly agza bolmaga mümkinçilik berýär.
Töleg ulgamy birikdirilen bot ulanyjysyna ýörite töleg buýrugyny girizmegi teklip eder. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ulanyjy diňe bir gezek öz bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli bolar, soňra bolsa ol satyn almalary adaty amallar arkaly amala aşyryp biler.