«Toyota Camry 2025» gibrid ulagynyň önümçiligi başlandy
«Toyota Camry» ulagynyň 9-njy nesli Kentukki şäherindäki zawodyň önümçiliginden aýryldy. Diňe gibrid kuwwaty bilen elýeterli boljak bu awtoulag «Toyota» kompaniýasynyň elektrik ulaglaryna geçmeginiň möhüm tapgyryny döreder. Strategiýa gibridleri, PHEV önümlerini we elektrik ulaglaryny öz içine alýar. Görşümiz ýaly, diňe içki ýangyç dwigateli bolan nusga hödürlenmez.
«Toyota Kentucky» öz taryhynda 11 milliondan gowrak «Camry» öndürdi we ýapon sedanynyň amerikan sürüjileriniň arasyndaky meşhurlygyny artdyrdy. 2023-nji ýylda «Camry» ABŞ-da iň köp satylan sekizinji awtoulag boldy. Bu ýerde «Toyota RAV4» modeli has hem meşhurdyr.
Kentukkidäki zawoda geljekki ösüş üçin hem 1,3 million dollarlyk maýa goýumy ýatyryldy. Bu ýerde üç hatar oturgyçly ulagyň öndürilmegine hem garaşylýar. Öndürijiniň kärhana üçin ýatyran umumy maýa goýumy bolsa 10 milliard dollara ýetýär.
«Toyota» kompaniýasynyň bu bölümi diňe diňe elektrik çalşygy hökmünde üç hatar oturgyçly «Highlander» ulagyny taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, sedanlar we pikaplar ýaly beýleki elektrik ulaglaryny-da öndürýär. Şunlukda, «Camry» ýakyn ýyllarda elektrik nusgasyny alyp biler. 2025-nji ýyl üçin niýetlenen «Camry» ulagynyň bahasy 28400 dollardan başlanýar. Onuň dört nusgasyny öndürmek teklip edilýär.