Şenbe güni birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid hem-de ýeňil senagaty önümi satyldy

Şenbe güni, 11-njy maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Ukraina döwletiniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 046 200,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.