Barselonada elektrik ulaglaryna islendik ýerde energiýa berip biljek robot işe giriziler

Barselonanyň ulag duralgalarynyň birinde elektrik ulaglaryna energiýa beriji robot peýda boldy. Onuň kömegi bilen elektrik ulaglaryna diňe ýörite bellenen duralgalarda däl-de, islendik duralgada energiýa bermek bolar.

«ZiGGY» atly robot tigirçekleriniň kömegi bilen duralganyň içine aýlanýar. Sürüji onuň hyzmatyndan peýdalanmak üçin öňünden programmanyň üsti bilen sargyt etmelidir. Şondan soň robot müşderiniň bellän ýerine barar we sürüjä garaşar.

«Europuls» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, täze tehnologiýa ulaglaryň energiýa ýetmezçiliginiň we transport ulgamyndaky beýleki birnäçe oňaýsyzlyklaryň öňüni alyp biler. Täze robotlar elektrik ulaglary üçin mümkinçilikleriň döredilmedik duralgalarynda işlärler.