ABŞ-da seýrek duşýan ýaşyl retriwer dünýä indi

Şemrok lakamly retriwer güjügi özüniň seýrek reňki bilen internetde meşhurlyk gazandy. Itiň güjüjegi doganlary ýaly altynsow däl-de, ýaşyl reňkde dünýä indi.

Şemrok Florida ştatynda, «Golden Treasures» haýwanat merkezinde doguldy. Güjügiň enesi 8 iti dünýä indirdi, emma olaryň diňe biri özüniň laým reňkli derisi we tüýleri bilen meşhur boldy.

 

Adaty bolmadyk reňk, güjük sütükleriniň biliwerdin bilen reňklenmeginiň netijesidir. Ýaşyl öt diňe retriwerlerde däl, eýsem, käwagt ähli itleriň göwresinde hem bolup bilýär. Mysal üçin, 2022-nji ýylda Kanadanyň Täze Şotlandiýa welaýatyndan bolan buldog güjügi hem ýaşyl doguldy.

Iki hepdeden soňra, eýesi ýaşyl reňkiň ýitip başlandygyny aýtdy. Çaklamalara görä, güjük birnäçe hepdede özüniň asyl altynsow reňkine dolanar.