Marko Roýs bilen hem «Inter Maýami», hemem «Al Nassr» gyzyklanýar

Möwsümiň ahyrynda «Borussiýa Dortmunddaky» başdan geçirmesi tamamlanjak germaniýaly ýyldyz oýunçy Marko Roýs bilen gyzyklanýan klublaryň sany az däl. Tejribeli oýunçy bilen hem, esasan, amerikan we arap klublary has içgin gyzyklanýarlar. Gyzyklanýan klublaryň arasynda Lionel Messiniň çykyş edýän «Inter Maýami», şol sanda Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al Nassr» kluby Roýsy öz düzümlerine geçirmek üçin göreş alyp barýarlar. Bu barada «Sky» habar berýär. Mälim bolşy ýaly, amerikan kluby «Sent-Luis Siti» Roýsyň menejeri bilen gepleşikleri geçirip başlandygy barada ozal habar beripdi.

UEFA Çempionlar Ligasynda topary «Borussiýanyň» «Real Madrid» bilen geçirjek final duşuşygy Marko Roýsyň dortmundlylardaky iň soňky resmi oýny bolar.