110 ýaşly amerikan zenany uzak ýaşamagyň syrlary we gündelik iýmiti hakda gürrüň berdi

2024-nji ýylyň fewral aýynda Ýoşiko Miwa 110 ýaşady. ABŞ-da ýaşaýan 110 ýaşly Yoşiko Miwanyň milleti ýapon bolup, ol Birinji jahan urşundan soň ispan dümewi pandemiýasyny, Ikinji jahan urşy ýyllarynda bolsa asly ýapon bolan amerikalylar üçin ýörite lagerlerde agyr günleri başdan geçiren hem bolsa, ol ünsüni has bagtly ýatlamalarda jemleýär.

Ýoşiko Miwa 1914-nji ýylda Kaliforniýada ýapon emigrantlarynyň maşgalasynda dünýä indi. Çagalykda ejesini we doganlaryny ýitirip, köp kynçylyklary gördi. Ýedi çaganyň bäşinjisi bolan Ýoşikanyň ejesi we kiçi dogany 1919-njy ýylda aradan çykypdy. Şondan soň onuň kakasyna çagalaryna we fermalaryna ideg etmek kyn düşüpdi. Şol sebäpli hem, Ýoşiko we beýleki doganlary ýetimler öýüne iberildi.

Bu kynçylyklara garamazdan, ol uniwersitete girdi, durmuşa çykyp, bagtly maşgala gurdy. Ikinji jahan urşy döwründe ABŞ-nyň Ýaponiýa bilen söweşenligi sebäpli, mejbury ýagdaýda maşgalasy bilen lagere ýollanyldy.

Ýoşiko Miwanyň 3 ogly, 10 agtygy, 20 çowlugy we 1 ýuwlugy bar. Häzirki wagtda ol hassahanada ýaşaýar, bu ýerde her hepde saçyny bejerdýär we ýekşenbe günleri ybadathana gulluklaryna gatnaşýar.

Oňyn keýpiçaglykdan başga-da, aňyňyzy we bedeniňizi işjeň saklamak uzak ýaşamagyň açarydyr — diýip, Ýoşiko Miwa aýdýar.

Ýoşiko pensiýa çykanyndan soň hem, her gün irden birnäçe kilometr ýöreýän eken.

Unaş — Ýoşiko Miwanyň gündelik iýýän söýgüli nahary.