«Ýokary» atly multfilmdäki uçýan jaý hakykata öwrüler

«Ýokary» multfilmindäki uçýan jaý hakykata öwrüler. Adaty bolmadyk binanyň bir nusgasy kärendesine berlip başlanar.

Bu jaý ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynda ýerleşýär we dört myhman üçin niýetlenendir. Jaýyň üstünde 8 müň şar bar. Bu jaýy kärendesine almak isleýänler kran ulanyp, ýerden ýokary çykyp bilerler.

Jaý bir ýatylýan otagdan, myhman otagyndan we hammamdan ybarat. Adaty bolmadyk myhmanhananyň içki we bezeg önümleri multfilmindäki ýaly görünýär we diwarlardan onuň gahrymanlarynyň suratlaryny tapyp bilersiňiz.