Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny belent buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen sarpalaýarys. Olar egin-egne berip, geljek nesilleriň azatlygy, garaşsyzlygy, mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda söweşdiler.
Uruş ýyllarynda taplanan mizemez dostluk, jebislik hem-de özara goldaw bermek ýörelgeleriniň geljekde-de ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen weteranlaryna berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Olžas BEKTENOW,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.