Birinji çärýekde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi
Counterpoint Research halkara seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi. Tutuş dünýäde smartfonlaryň satylan möçberi 6% ýokarlanyp, 296,9 mln-a ýetdi.
Barlag geçiren bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda smartfon bazarynda 800 dollardan gymmat bolan enjamlaryň satuwy depginli artýar. Bir ýyllyk görkeziji bilen deňeşdirilende satuwlaryň 10% az bolandygyna garamazdan Apple kompaniýasy satylan önümleriň bahasy boýunça öňdäki orny eýeleýär. Satylan önümleriň sany boýunça bolsa Samsung kompaniýasy öňe çykmagy başardy. Ol smartfon bazarynyň 20%-ni eýeledi.
Dünýä smartfon bazarynyň liderleriniň birinji bäşligindäki Xiaomi hytaý kompaniýasy girdejisini iň ýokary depgin bilen artdyran kompaniýa boldy.
Geografiýa nukdaýnazaryndan ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazarynyň ösüşi Ýewropada, Afrikada, Ýakyn Gündogarda, şeýle hem Karib basseýniniň ýurtlarynda we Latyn Amerikasynda syn edildi.