Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Milletler ligasynda Gyrgyzystany ýeňdi

12-nji maýda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň (CAVA) Pakistanda geçýän Milletler ligasynyň toparçadaky böleginiň ikinji tapgyrynyň çäginde Gyrgyz Respublikasynyň toparyny ýeňmegiň hötdesinden geldiler.

Yslamabatda geçen duşuşyk üç set dowam etdi we 3:0 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýaryşa Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Şri-Lankanyň, Owganystanyň hem-de ligany kabul ediji tarap bolan Pakistanyň ýygyndy toparlary gatnaşýarlar.

Birinji tapgyrda türkmen ýygyndysynyň Eýranyň topary bilen duşuşandygyny ýatladýarys. Bu duşuşykda şowlulyk garşydaş ýygyndynyň tarapynda boldy — 2:3.

II tapgyryň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri:

Şri-Lanka - Pakistan — 0:3

Owganystan - Eýran — 0:3

Şu gün — 13-nji maýda üçünji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Pakistanyň garşysyna çykar.

Ýaryş 17-nji maýa çenli dowam eder.