Türkmenistanda ýene ýagyşly howa bolar
Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +15 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +22 gradus maýyldan +36... +38 gradus aralygynda yssy bolar.