Türkmenistan «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisine taýýarlanýar
15 — 17-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň, iýmitleriň hem-de içgi önümleriniň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» 4-nji halkara sergisi geçiriler.
Halkara sergi azyk hem oba hojalyk senagatynyň giň toplumyny utgaşdyrar. Serginiň ekspozisiýalarynda aşakda görkezilen ugurlar giňişleýin şöhlelendiriler:
Azyk önümlerini öndürmekde ulanylýan enjamlar;
Gaplama önümleri hem-de enjamlary;
Azyk we iýmit goşundylary:
Çörek hem çörek önümleriniň tehnologiýalary;
Damjalaýyn suwaryş;
Bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary;
Guşçulyk hem maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar;
Oba hojalyk önümleri;
Tohumlar we dökünler;
Dürli görnüşli gaplaýjy maşynlar;
Iýmleri garyşdyrmak üçin gurallar;
Ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalar;
Ösümlik ýagyny öndürýän maşynlar;
Ýyladyşhanalaryň dürli görnüşleri;
Ekinleri goramak üçin mineral dökünler.
Halkara derejesindäki serginiň pawilýonlarynda görkeziljek önümlerdir tehnologiýalar Watanymyzyň oba hojalygynda hem-de senagatda toplan baý tejribesini utgaşdyrar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, agrosenagat toplumynyň pudaklary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, olara iň täze tehnologiýalar we öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar.
«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisine Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de işewürleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.