Mişustin GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geler
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 24-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ozal GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriljekdigi barada habar beripdik.