13-14-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Aziýa zenanlar forumyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde iş saparynda bolýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň maksady zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmekden, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin sebitde özboluşly gepleşik giňişligini döretmekden ybaratdyr. Mejlisiň wekilleri «Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge sebitleýin çemeleşme» atly Aziýa zenanlar forumynda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada çykyş etdiler.
«Renaissance Technologies» hetj-gaznasynyň eýesi we milliarder Jim Saýmons 87 ýaşynda aradan çykdy, Saýmonsy maýa goýmagyň ussady diýip atlandyrýardylar diýip, onuň gaznasynyň habarynda aýdylýar.
1982-nji ýylda massaçusetsli Jim Saýmons «Renaissance Technologies» maýa goýum gaznasyny esaslandyrdy we biržada söwda etmek üçin matematiki algoritmi peýdalanyp başlandy. Ol ilkinji bolup, nyrhlaryň üýtgeýşini deslapdan çaklamakda bazaryň san seljerişini ulandy.
«The Economist» neşiri Saýmonsy ähli döwürleriň iň oňat maýadary diýip atlandyrdy.
Öň «Forbes» žurnaly 2023-nji ýylda dünýäde 21 milliarderiň aradan çykandygyny habar berdi, olaryň ýarysyna golaýy 90 ýaşdan ýokarydyr.