Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy

Duşenbe güni, 13-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden “Y-354” kysymly tehniki gurumy, Owganystanyň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan Mitkal nah matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “BND 60/90” kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 000 000,00 manada we 9 083 756,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.