Türkmenistan boks boýunça Aziýa çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär
Aziýanyň Boks Konfederasiýasy:"Türkmenistan boksçylarynyň başarnyklaryny we ösüşlerini subut edendiklerini belläp, geljekki 2-nji Bütindünýä Olimpiýa Boks saýlama ýaryşynda ilkinji Olimpiýa kwotalaryny üpjün etmegi maksat edinýän ýurdudyr" diýip, Aziýa Boks Konfederasiýasynyň (ASBC) metbugat gullugy ýazýar.
Türkmenistanyň iň oňat boksçylary - Şükür Öwezow (57 kg), Saparmyrat Ödaýew (63,5 kg) we Baýramdurdy Nurmuhamhamow (71 kg) 23-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçiriljek 2-nji Dünýä boks saýlama ýaryşyna gatnaşarlar. Bu abraýly ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berýändigi bilen ähmiýetlidir.
Türkmenistan milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulowyň tälim bermeginde soňky iki ýylda güýçli ýetginjekler, ýaşlar, ätiýaçlyk we esasy toparlar döredildi. Ýurduň Boks federasiýasynyň baş sekretary Durdymämmet Kuljaýew milli federasiýanyň şu ýylyň iýun ýa-da sentýabr aýlarynda içerki ýaryşlary geçirmegi, şeýle hem boksçylary mümkin boldugyça köp halkara ýaryşlaryna ibermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Durdymammet Kuljaýew "Ýakyn wagtda ýurtda Aziýa çempionatyny geçirmek üçin uly meýilnamalarymyz bar we Aziýa Boks Konfederasiýasy bilen bu mesele boýunça gepleşikler gurarys" -diýdi.