Beýik Britaniýada emeli aň howpsuzlygyna baha bermek üçin platforma döredildi

Emeli aň howpsuzlygy boýunça Britan instituty Inspect platformasyna badalga berdi. Bu platforma önümçilik, ylmy-barlag ugurlarynda emeli aň howpsuzlygyny synagdan geçirmek we baha bermek üçin niýetlenendir. 

Inspect platformasy esasy üç komponentden – maglumatlary ýygnamakdan, çözgüt we baha bermegiň gurallaryndan ybaratdyr. 

Maglumatlary ýygnamak – baha bermek testleri üçin nusgalardyr. Çözgüt gurallaryň kömegi bilen testleri geçirmek boýunça işler ýerine ýetirilýär, baha bermek gurallary bilen bolsa netijelere baha berilýär. 

Şeýle hem Python programmirlemek dilinde ýazylan paketler bilen Inspect platformasynyň üstüni ýetirmek bolýar. 

Britaniýanyň Emeli aň howpsuzlygy boýunça institutynyň başlygy Ýan Hogart dünýä jemgyýetçiliginiň Inspect platformasyny öz howpsuzlyk synaglaryny geçirmek üçin däl-de, eýsem, açyk kodly platformany uýgunlaşdyrmak we ösdürmek üçin hem ulanjakdygyna umyt bildirdi. 

Geçen aý ABŞ-nyň Standartlar we tehnologiýalar milli instituty (The National Institute of Standards and Teсhnolog, NIST) emeli aňyň dürli tehnologiýalary üçin niýetlenen NIST GenAI programma üpjünçiligini işe girizendigini habar berdi.