«Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny» atly amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi geçiriler

15-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny» diýen at bilen amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi guralar.

Sergide görkeziljek halypa suratkeşleriň döreden ajaýyp sungat eserlerin Magtymguly Pyraganyň şygyrlaryna, onuň Watan mukaddesligine bolan hormatyna, ýurdumyzyň Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýeten belent derejelerine bagyşlanýar. Şeýle ajaýyp eserleriň arasynda ýaş suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli talyplarynyň döreden işleri-de görkeziler.

Sergi şol gün 15:00-da açylýar.