Nowosibirsk oblastynda agyr ýük awtoulaglary öndüriler
Ýylyň ahyryna çenli Nowosibirsk sebitiniň ýolbaşçylarynyň ýük ulaglaryny öndürýän desganyň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp berjekdiklerini oblastyň ykdysady ösüş ministri Witaliý Şowtagyň sözlerine salgylanýan «TASS» habar berýär. Taslama üçin ýatyrylan maýa goýumlaryň möçberi takmynan 20 milliard rubl bolar.
— «Trend» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 19,9 milliard rubla barabar bolan maýa goýumyny özünde jemleýän «Nowosibirsk ýük awtoulag zawody» taslamasy Nowosibirsk sebitiniň maýa goýum geňeşiniň mejlisinde tassyklandy. Taslamany hödürlän tarap Nowosibirsk sebitiniň häkimine onuň durmuşa geçirilmegi boýunça hiç hili teklibe zerurlyk bolmazdan, kärendesine ýer almak baradaky haýyşy bilen ýüz tutdy — diýip, Witaliý Şowtak aýtdy.
Geljekde bu kompaniýa ýük göterijiligi 2 tonnadan 15 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryny öndürer. Bäş tonnalyk ilkinji awtoulagyň 2027-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýär.