2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýi dörediler

Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Myhman beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi.

– Siz Türkmenistanyň öňden gelýän hakyky dosty bolup durýarsyňyz. Siz köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara işjeň gatnaşýarsyňyz, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň hemişelik Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli ajaýyp waka bolar. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda altynjy Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz zähmeti üçin minnetdarlyk bildirip, berk jan saglyk, abadançylyk we mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.