Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy

Sişenbe güni, 14-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 707 390,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.