Türkiýe “Mesopotamiýa ekspressi”: atly täze syýahatçylyk otlusyny işe girizdi
Sizi otly bilen Türkiýäniň ýatdan çykmajak ýerlerine syýahat etmek üçin çagyrýarys. “Mesopotamiýa ekspressi”— bu täze syýahatçylyk ugry Gündogar we Günorta-Gündogar Anadolynyň çäklerinden geçer.
1051 kilometre uzaýan syýahatçylyk Türkiýäniň paýtagty Ankaradan başlanýar. Bu ýerden otly Kaýseri, Siwas, Malatýa, Elazyg we Diýarbakyr duralgalarynda säginip, Mesopotamiýa tarap ugur alýar. Bu syýahat 24 sagat dowam eder.
Ýolagçylaryň Kaýseri we Malatýa bilen tanyşmaklary üçin 3 sagat wagtlary bolar. Elazyg bilen tanyşmaklary üçin bolsa 4 sagat mümkinçilikleri bolar. Munuň özi, bu ýerleriň gözel künjekleri we ýerli aşhanalary bilen tanyşmaga ýeterlik bolar.
"Mesopotamiýa ekspressi" dokuz sany ýatymlyk wagonlardan we bir sany wagon-restorandan ybaratdyr. Bu otly 180 ýolagça niýetlenendir. Iki adamlyk kupede oňaýly oturgyçlar ornaşdyrylandyr. Şeýle hem sowadyjy, rakowina, eşikler üçin şkaf we ýyladyjy ulgam bar.
Otlynyň birinji duralgasy Kaýseri bolar. Kaýseri Seljuklar döwrüniň ýadygärlikleri – metjitleri, aramgähleri, medreseleri bilen meşhurdyr. Ýolagçylar Döner kümmet aramgähine, Uly metjit we Göwher nesibe medresesine baryp görmäge mümkinçilikleri bolar.
"Mesopotamiýa ekspressi" -iň ýene bir duralgasy Mesopotamiýa bilen Anadolynyň arasynda söwda-medeni çatryk bolan Malatýada bolar.
Syýahatçylar üçin bu gadymy şäherde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen açyk asmandaky muzeý – Arslantepe garaşýar. Şeýle hem ýolagçylar misçiler bazarynda misden ýasalan el işlerini satyn alyp bilerler. Şeýle hem Malatýa erikleri bilen meşhurdyr. Şonuň üçin hem bu sebitde şol eriklerden dadyp görmek zerurdyr.
Ekspress otlusynyň indiki duralgasy--özüniň taryhy mirasy we tebigy gözellikleri bilen meşhur bolan Elazyg şäheri. Baýyrda ýerleşýän Harput köşgi Elazygyň iň täsin gözellikleriniň biridir. Harput uly metjidi we Bibimerýemiň ybadathanasy özüniň binagärlik gözelligi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Ýatdan çykmajak syýahatçylygyň ahyrynda “Mesopotamiýa ekspressi” öz ýolagçylaryny mesopotamiýa medeniýetiniň merkezi – Diýarbakyr şäherine getirer. Şäher özünde geçmişi, şu güni we geljegi, 33 siwilizasiýanyň, şol sanda Assiriýa, Midýa, Persiýa, Rim, Gündogar Rim, Marwanidler, Seljuk, Akgoýunly, Osman siwilizasiýalarynyň yzlary jemleýär. Size Diýarbakyryň gadymy galalaryna hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Hewsel seýilbaglar raýonyna baryp görmegi maslahat berýäris.