Çarşenbe güni, birža söwdalarynda "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy

Çarşenbe güni, 15-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TS-1" kysymly uçar kerosinini hem-de “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny, Türkiýe we Azerbeýjan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri hem-de jins matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 18 827 717,11 ABŞ dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.