Türkmen ulag edaralarynyň ýolbaşçylary daşary ýurt wekiliýetleri bilen gepleşikleri geçirýärler
Aşgabatda geçirilýän ulag forumynyň doly işewürlik maksatnamasy maslahatdan we sergiden başga-da ähtnamalara we şertnamalara gol çekilmegini, seminarlaryň, tegelek stollaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar, olarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri söwda, senagat zolagy, elektron täjirçilik, ulag we logistika, ulag ekspedisiýasy, ulag infrastrukturasyny ynamly dolandyrmak, lizing we karz bermek babatynda döwrebap öňdebayjy tejribeler bilen tanyşdyrarlar.
Forumyň meýdanynda şeýle hem işjeň gepleşikler we duşuşyklar geçýär. Hususan-da, hyzmatdaşlygyň meselelerine Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary Adrian Fogiş, TRASEKA Hökümetara komisiýasynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew, Abu Dhabi Ports Group, BAE ýerine ýetiriji direktory Naser Al Buseýdi bilen duşuşyklarynda garaldy.
Pudaklaýyn agentlikleriň ýolbaşçylary – Türkmenistanyň awtoulag, demir ýol, howa we suw ulaglary, Ulag-logistika merkeziniň ýolbaşçylary hem daşary ýurt kärdeşleri, halkara düzümleriniň wekilleri we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen häzirki we mümkin bolan taslamalary maslahatlaşyp, gepleşikleri geçirýärler.
Şeýle duşuşyklaryň daşary ýurt gatnaşyjylarynyň arasynda: Täjigistanyň Ulag ministrligi, Russiýanyň «Informtehnika», «Transputmaş» PJ we John Gold, ispanlaryň SEA Ibertesti, italýanlaryň «PLAN s.r.l», Günorta Koreýanyň KOMEA kompaniýasy, ukrainleriň Heliflaýt kompaniýasy, türkleriň Albayrak Group, şweýsarlaryň Inter rail services AG we başga-da köp sanly kompaniýalar bar. Jemi 45 sany ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.