«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri Tatarystanda geçýän «Russia Halal Expo» halkara sergisinde
15-nji maýda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» halkara ykdysady forumynyň çäginde guralan «Russia Halal Expo» sergisi başlandy. «Kazan Ekspo» sergi merkezinde 30 müň inedördül metr meýdanda geçirilen bu çärä Russiýanyň dürli sebitlerinden we Türkmenistan hem-de beýleki döwletlerden bolan gatnaşyjylar wekilçilik edýär.
Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň aýratyn ünsi çekýändigini bellemek gerek. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen dürli önümler hödürlenilýär. Öz kämil tehnologiýalaryny hödürleýän kompaniýalaryň biri hem «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti bolup durýar. Pawilýondaky ýerleşdirilen eksponatlaryň arasynda «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri aýratyn orny eýeleýär. Bu ýerde kompýuterler, planşetler, ýollarda gurnalýan çyralar, plastik kartlar hem-de termokagyzlar bar.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda üstünlikli alnyp barylýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna nusgalyk mysalydyr. Ol 2020-nji ýylda dürli brendlerdäki we görnüşdäki elektronika önümçiliginiň gerimini ep-esli giňeltdi.
Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmek we halkara işewür toparlarynyň üns merkezinden ornuny tapmak ugrundaky ynamly ädimlerini tassyklaýar.
Diňe bir ýetilen tehnologik üstünlikleriň görkezijisi bolman, eýsem, maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ajaýyp platforma öwrüljek sergide halkara kompaniýalar, döwlet korporasiýalary, iri banklar we maliýe guramalary öz diwarlyklaryny hödürlediler.
«Russia Halal Expo» hyalkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Eýrandan, Malaýziýadan, Indoneziýadan, Azerbaýjandan, Müsürden, Türkiýeden, Gyrgyzystandan hem-de beýleki ýurtlardan gyzyklanma bildirýän taraplar çagyryldy. Russiýanyň sebitlerinden bolan gatnaşyjylar bolsa bu sanawyň üstüni ýetirýär.
Gatnaşyjylara we myhmanlara tejribe alyşmak, şertnamalary baglaşmak, ykdysadyýetiň hem-de tehnologiýanyň dürli ugurlarynda täze işewürlik gatnaşyklaryny gurmak üçin ajaýyp mümkinçilige öwrüljek «Kazan Forum 2024» halkara sergisi 19-njy maýa çenli dowam eder.