Haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermek işi başlandy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde çeper elli halyçy gyzlaryň arasynda «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly gelin-gyzlaryň haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermek işi başlandy.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşýan halyçy geli-gyzlaryň çykyşlaryny bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek üçin siz hem öz sesiňizi 0560 gysga belgisine toparyň degişli kod belgisini iberip bilersiňiz!
Toparlar:

«Ezber eller»: 11
«Miras»: 22
«Batly daragym»: 33
«Türkmeniň kalby»: 44
«Nepis»: 55
«Tumar»: 66
«Beşir»: 77

Ses berişliginiň netijelerini turkmentv.gov.tm saýtyndan yzarlap bilersiňiz.