Aşgabatda ýoga boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Şu gün, 16-njy maýda paýtagtyň «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Halkara ýoga gününe bagyşlanan ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapaklary Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Ir säher bilen başlanan ussatlyk sapaklary sazlaşyk we ylham ruhunda geçip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýoga muşdaklarynyň uly toparyny jemledi. Çäräniň oňa gatnaşýanlaryň ussatlyk derejesine garamazdan, hemmeler üçin açyk bolandygy bellärliklidir.

 

Ussatlyk sapaklary gatnaşyjylara diňe bir dürli täsirli hereketleri ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik bolman, eýsem, hakyky ýoga dünýäsine uzaýan ýol boldy. Guramaçylar diňe bir maşklaryň fiziki taraplaryna däl, eýsem, ýoganyň ruhy düzümini we umumy abadançylyga edýän täsiri barada özara pikir alyşmaga hem ähmiýet berdiler.

 

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri ýoganyň bedeniň, aňyň we ruhuň arasyndaky sazlaşygy gazanmak üçin gural hökmünde eýe bolban ähmiýetine ünsi çekdiler. Göwnüçökginligiň we dartgynlylygyň gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýän häzirki zaman dünýäsinde bu tejribäniň ähmiýeti örän uludyr.