«Fesco» we «Ratraco» Russiýadan Wýetnama göni demir ýol hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
«Fesco» ulag topary we Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory Russiýadan Wýetnama göni demir konteýner hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýärler.
Bu barada «Fesco» özüniň resmi Telegram-kanalynda habar berýär.
«Biz Hanoýda Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdik. Şol resminamanyň esasynda bolsa Russiýadan ýola düşüp, Hytaýyň çäginden Wýetnama barýan göni demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýäris» — diýlip, toparyň habarynda beýan edilýär.
«Ratraco» logistika operatorynyň ýaňy-ýakynda işe girizilen yzygiderli «Fesco Vietnam Direct Line» regulýar deňiz hyzmaty üçin Wýetnamdan goşmaça ýük gatnawyny ýola goýmaga kömek etjekdigini hem «Fesco» habar berýär. Bu gatnaw Hoşimin, Haýfon hem-de Wladiwostok deňiz söwda portlarynyň arasyndaky ugur boýunça («Fesco» hem girýär) amala aşyrylar.
«Fesco» ulag topary — Russiýanyň port, demirýol hem-de integrirlenen logistika işewürligi ulgamlarynda uly aktiwlere eýelik edýän iň iri ulag-logistika kompaniýalarynyň biri.