BMG-niň ÝYK MA ýurtlaryny eTIR halkara ulag ulgamyna birikmegi tizleşdirmäge çagyrdy
BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin MA ýurtlaryny eTIR halkara ulgamyna birikmegi tizleşdirmäge çagyrdy, ol Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Pakistan ýaly sebitiň köp ýurtlarynda eýýäm ornaşdyrylandyr.
«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda işi goldamak üçin eTIR halkara ulgamyny özleriniň milli gümrük edaralaryna ornaşdyrmagy entek tamamlamadyk sebitiň döwletlerine muny 2023-nji ýylda ýerine ýetirmekligi teklip edesim gelýär» - diýip, şu gün Aşgabatda açylan ITTC-2023 — halkara ulag maslahatynda çykyş etmek bilen Marýasin aýtdy.
«Eger-de eTIR ulagmynyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda özara baglanyşyga ýetmek başartsa, onda siz Merkezi Aziýada has howpsuz gurşawda sanly geçelgeler blen işläp bilersiňiz» - diýip, Marýasin sözüniň üstüne goşdy.
Onuň sözlerine görä, BMG-niň ÝYK üpjün etmeleriň zynjyry we sanly söwda geçelgeleri boýunça maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyşmaşyny sanlylaşdyrmak üçin ölçegleriň we kömekçi gurallaryň bukjasyny taýýarlady. Şeýle çemeleşme BMG-niň Merkeziniň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we elektron işewürlik boýunça semantiki ölçegleri we ýük daşamalaryň kepilnamalaýyn modelini ulanmak arkaly maglumatlary alyşmagyň multimodal özara işleýşini üpjün eder (UN CEFAKT).
Usul UN CEFAKT boýunça maglumatlary alyşmagyň bar bolan ölçegleriniň döwrebaplaşdyrylmagyny we täze ölçegleriň işlenip düzülmegini, resminamalaryň ulagyň ähli görnüşleri we ornaşdyrmagyň synag taslamalary üçin sanlylaşdyrylmagyny öz içine alýar.
Bu eTIR halkara ulgamy (gümrük edaralarynyň arasyndaky maglumat alşygy) ýükleriň halkara üstaşyr daşalmagy, ulag serişdeleri we konteýnerler barada HÝD «Halkara gara ýol arkaly ýük daşamalary» Konwensiýasyna laýyklykda milli gümrük edaralarynyň arasynda maglumatlaryň howpsuz alşylmagyny üpjün etmäge ukyplydyr (halkara ady TIR, Transports Internationaux Routiers). Ulgam gümrük edaralaryna kepillendiriş zynjyry tarapyndan berlen ulgam tarapyndan HÝD kitapçasynyň eýelerine ulanmaga goýberilýän kepilnamalar baradaky maglumaty dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan 1996-njy ýyldan bäri 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky HÝD kitapçasyny ulanyp, Ýükleriň halkara daşalmagy hakynda Gümrük konwensiýasynyň agzasydyr.