Nagelsmann Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzümini mälim etdi

Iýun aýynyň 14-inden iýul aýynyň 14-ine çenli Germaniýada geçiriljek 17-nji Ýewropa çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndylaryň düzümleri belli bolup başlady. Wengriýanyň ýygyndysyndan soň ýer eýesi Germaniýanyň hem milli toparynyň düzümi mälim edildi. 36 ýaşyndaky tälimçi Ýulian Nagelsmann 27 oýunçydan ybarat düzüme 4 derwezeçi çagyryp, olaryň biriniň çempionatdan öň sanawdan çykarylmagyna garaşylýar.

Nagelsmannyň çagyran oýunçylarynyň 21 sanysy «Bundesliganyň» klublaryndan bolup, daşyndan «Realdyr» «Barselonanyň» hersinden 2, «Arsenal» hem-de «Braýtondanam» 1 futbolçyny düzüme goşdy. Ýulian Brandt, Emre Jan, Karim Adeýemi, Mats Hummels, Marko Roýs ýaly Çempionlar Ligasynyň finalyna çykan «Borussiýa Dortmundyň» ýyldyzlaryny, şol sanda «Bawariýadan», Serž Gnabri bilen Leon Goreskany, «Tottenhamdan» Timo Wernere bolsa çagyrmady. 

Germaniýanyň ýygyndysy «A» toparçada Wenrgiýanyň, Şotlandiýanyň hem-de Şweýsariýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER

Manuel Noýer («Bawariýa»),

Oliwer Baumann («Hoffenhaým»),

Aleksander Nýubel («Ştutgart»),

Mark-Andre ter Stegen («Barselona»);

GORAGÇYLAR

Waldemar Anton («Ştutgart»),

Maksimilian Mittelştedt («Ştutgart»),

Benžamin Henrihs («RB Leýpsig»),

Dawid Raum («RB Leýpsig»),

Ýozua Kimmih («Bawariýa»),

Robin Koh («Aýntraht»),

Antonio Rüdiger («Real Madrid»),

Niko Şlotterbek («Borussiýa Dortmund»),

Jonatan Ta («Baýer»);

ÝARYMGORAGÇYLAR

Robert Andrih («Baýer»),

Florian Wirts («Baýer»),

Kris Fýurih («Ştutgart»),

Paskal Gross («Braýton»),

Ilkaý Gündogan («Barselona»),

Toni Kroos («Real Madrid»),

Jamal Musiala («Bawariýa»);

Aleksandar Pawlowiç («Bawariýa»);

Leroý Sane («Bawariýa»);

HÜJÜMÇILER

Maksimilian Baýer («Hoffenhaým»),

Niklas Fýullkrug («Borussiýa» Dortmund),

Kaý Hawerts («Arsenal»),

Tomas Mýuller («Bawariýa»),

Deniz Undaw («Ştutgart»).