Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-e Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V-e tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Norwegiýa Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.