Türkmenistan woleýbol boýunça CAVA Milletler Ligasynyň finalyna çykdy

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Merkezi Aziýanyň woleýbol konfederasiýasynyň (CAVA) Milletler Ligasynyň finalynda çykyş eder.

Ýaryş Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilýär.

16-njy maýda Serdar Täçnazarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysy Şri-Lankanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.  

Ajaýyp ýeňiş türkmen woleýbolçylaryna ýaryşyň ýer eýesi bolan Pakistanyň ýygyndy topary bilen altyn medal ugrundaky duşuşyga çykmaga mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçjek final şu gün — 17-nji maýda guralar. Oýun Aşgabat wagty bilen 16:30-da başlanar.    

Türkmenistan — Şri-Lanka (3:0) duşuşygynyň wideosyna «YouTube» kanalyndaky şu çeşme boýunça tomaşa edip bilersiňiz.