Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygyny iki esse artyrmagy maksat edinýär
Geçen ýyl Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanşygy ABŞ-nyň 7,7 mlrd dollaryna deň boldy.
Gazagystan ýakyn döwrüň içinde haryt dolanşygynyň bu möçberini iki esse artyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň söwda we inetrgrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew Almatyda geçirilen 13-nji Merkezi Aziýa forumynda aýtdy diýip, “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.
Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministrligi ýakyn 5-10 ýylyň içinde haryt dolanşygyny Özbegistan bilen ABŞ-nyň 10 mlrd dollaryna, Gyrgyzystan bilen ABŞ-nyň 2 mlrd dollaryna, Täjigistan bilen bolsa ABŞ-nyň 2 mlrd dollaryna çenli ýetirmegi öz öňünde wezipe hökmünde goýar.
Kaýrat Torabaýewiň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deňze çykalgasy ýok, şonuň üçin hem sebitiçi söwda möhüm orna eýedir.
Umuman, sebitiň ýurtlarynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň halkara merkezini döretmek meýilleşdirilýär.