Anna güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri ýokary islege eýe boldy

Anna güni, 17-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny hem-de az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak barada, şeýle-de Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri we Flanel nah matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginden türkmen el halysyny we jins matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 701,95 manada we 42 879 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.