Türkiýe ýurduň çägine 1-den köp smartfon getirmegi gadagan etdi
Täze düzgüne laýyklykda, daşary ýurtlardan Türkiýä gelýän ýolagçylar goşmaça gümrük paçlaryny töleseler-de, birden köp jübi telefonyny Respublikanyň çägine geçirip bilmezler. Bu bolsa ikinji telefonyň gümrükde alnyp galynjakdygyny, onuň diňe ýurtdan çykanda eýesine gaýtarylyp beriljekdigini aňladýar.
Bu çäklendirme 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan güýje girer. Alnyp galynan telefonlar gümrük ammarlarynda üç aýa çenli saklanar.
Şol bir wagtyň özünde bolsa Türkiýäniň hökümeti ýurda getirilýän enjamlaryň hyzmat möhletini 120-den 180 güne çenli uzaltdy. Şol döwürden soň ýerli operatorlar daşary ýurt telefonynyň GSM modulyny «gara sanawa» girizerler we şondan soň smartfon mobil tora birigip bilmez. Şeýle ýagdaýda mümkinçiligi çäklendirilen smartfonlary diňe gümrük paçlaryny tölemek bilen açyp bolar.
Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu daşary ýurtlulara telefonlaryny 120 däl-de, 180 günläp ýurtda ulanmaga rugsat berýän bu kararyň 2024-nji ýylyň 1-nji martynda güýje girendigini aýtdy.
Bu çäreler dürli jenaýatlara we elektron söwdasyna garşy göreşmäge gönükdirilip, syýahatçylardan täze düzgünlere üns bermek hem-de syýahatlaryny şoňa görä meýilleşdirmek maslahat berilýär.