Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçiriler
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň, şol sanda Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly, 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow çykyş etdi.
Bu barada 17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere, açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.