GDA-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Ýurdumyzyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli DA-nyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş secretary Dmitriý Kobitskiý Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu barada THD habar berýär.
Kobitskiý öz ýüzlenmesinde konstitusiýanyň adam hukuklary we azatlyklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýän we Döwlet baýdagy türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup durýan güýçli we garaşsyz döwletiň emele gelmeginiň kepili bolandygyny aýtdy.
GDA-nyň Baş sekretary Esasy Kanunyň Türkmenistanyň raýatlaryna esasy bähbitlerini üstünlikli gorap, gülläp ösýän we erkin ýurt gurmagyna kömek edýändigini aýtdy.
GDA-nyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Dmitriý Kobitskiý Prezident Serdar Berdimuhamedowa we ähli dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.