Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Maslahat gatnaşyjylar ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen Gutlagyny diňlediler. Soňa halkara ylmy maslahat bellenilen meýilnama boýunça öz işini dowam etdirdi. Maslahata dünýäniň köp sanly ýurdundan belli alymlar, edebiýatçylar, magtymgulyşynaslar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda belleýşi ýaly, Ýer ýüzüniň çar künjeginden alymlary, döredijilik wekillerini ýygnan bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýeti örän uludyr.