Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi. 

Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem myhman akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly buýsançdygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda zenanlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döreden «Türkmen-Hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahata ünsi çekip, şunuň ýaly maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. 

Hanym Şen Ýueýue bu çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki dostlukly halkyň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň hatyrasyna ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy we hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hem netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. 

Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. 

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, köpsanly türkmen ýaşlarynyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary hem-de Türkmenistanyň birnäçe ýokary we orta okuw mekdeplerinde hytaý diliniň öwredilýändigi bellenildi.