Hytaýda täze howpsuzlyk çäreleri: ýurda gireniňizde gajetleriňiz barlanar
1-nji iýuldan Hytaýda Milli howpsuzlyk ministrliginiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ygtyýarlyklary giňeldýän düzgünnamasy güýje girer. Hususan-da, indi elektron enjamlary barlanyp biliner. Polisiýa ýurda girýän we gidýän adamlaryň gadjetlerini barlap biler.
Hytaýyň ýaşaýjylary Şanhaýyň, Şençženiň we käbir beýleki şäherleriň howa menzillerinde eýýäm tötänleýin barlaglaryň geçirilýändigini habar berdiler.
Esasan hem, smartfonlarda saklanýan galereýa we hat alyşmalar barlanar.
«CNA-nyň» habaryna görä, polisiýa şübheli syýahatçylar barada maglumatlary kesgitlemek üçin gözleg we derňew geçirip biler.
Täze düzgünler Hytaýyň syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsir edip biler, çünki käbir daşary ýurtlularyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligi we maglumat howpsuzlygy boýunça meseleler sebäpli, bu ýurda barmakdan ýüz öwürmegi mümkin.